English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
WADA BÜTINDÜNÝÄ BILIM MASLAHATYNY 2021-NJI ÝYLA GEÇIRÝÄR
10 Iýun, 2020 ý.

Bütindünýä antidoping agentligi (WADA) 2020-nji ýylyň 13-14-nji oktýabrynda Awstraliýanyň Sidneý şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen  Bütindünýä bilim maslahatynyň COVID-19 pandemiýasy sebäpli, 2021-nji ýyla çenli yza süýşürýändigini habar berdi. Täze seneler we maslahatyň anyk geçiriljek  ýeri gysga wagtda yglan ediler.

WADA tarapyndan 2015-nji ýylda (Ottawa, Kanada) we 2018-nji ýylda (Pekin, Hytaý) üstünlikli geçirilen bilim maslahatlary bilen deňeşdirilende, 2021-nji ýyldaky maslahat dünýäniň dürli künjeklerinden dopinge garşy göreşýän hünärmenleri we doping gözegçilerini bir ýere jemlär. Maslahatda özara maglumat alyşmak we ýüze çykýan ýagdaýlary (tendensiýalary) ara alyp maslahatlaşmak, bilim maksatnamalarynyň ösdürilmegine itergi bermek we dopinge garşy guramalaryň gelejekde öz maksatnamalaryny kämilleşdirmegiň ugurlaryny öwrenmek ýaly mowzuklary öz içine alyp, şol bir wagtda türgenler we kömekçi işgärler okuwlaryň strategiýasynyň üns merkezinde bolarlar. 

WADA-nyň bilim müdiri Amanda Hudson:

"WADA-nyň  Bütindünýä bilim maslahaty WADA senenamasyndaky örän möhüm wakadyr. Dünýädäki dopinge garşy göreş alyp barýan guramalaryň bilim üçin jogapkär hünärmenlerine sosial ylym gözlegçileri bilen birleşip, türgenlere we olaryň daş-töweregindäkileri goldamak üçin tagallalaryny güýçlendirmeklige gymmatly mümkinçilik döredýär. Maslahatyň başga möhlete geçirilmegi bizi gynandyrsa-da, häzirki wagtda ilkinji nobatda dünýädäki adamlaryň saglygyna hormat goýmak we olary goramak wajyp bolup durýar.

Häzirki wagtda köp ýurtlaryň syýahat çäklendirmelerine we serhetleriň ýapylmagy bilen bagly päsgelçiliklere sezewar bolýandygyna garamazdan, WADA isleg bildirýänleriň hemmesine maslahata gatnaşmaklyga mümkinçilikleri döretmekde ýardam berjekdigini kepillendirýär. Mümkin boldugyça köp halkara wekilleriniň goşulmagy, dünýäde dopinge garşy göreşmek boýunça bilim maksatnamalarynyň üstünlikleriniň we arassa sporty goramak boýunça alyp barýan işlerimiziň açarydyr. Agentlik Awstraliýanyň 2021-nji ýylda geçiriljek maslahat boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berýär” diýip belläp geçdi. 
Maslahaty 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Halkara bilim standarty güýje girmezden ozal geçirmeklik meýilleşdirilipdi. Bu indi mümkin bolmasa-da, Agentlik gyzyklanýan taraplara kodeksiň durmuşa geçirilmegini goldamak maksatnamasynyň (CISP) işe ornaşdyrylmagy üçin Agentligiň “Dopinge garşy platformasy” (ADeL) -da dürli çeşmeleriň, şol sanda ýazylan webinarlaryň bardygyny we onuň 4-nji maýdan işe girizilendigini ýatladýar. WADA-nyň bu Halkara Bilim standarty (ISE) we beýleki standartlary öz içine alýan dürli mowzuklarda alnyp barylýan göni wideo aragatnaşyk arkaly geçirilýän webinarlara goşmaça bolup durýar (iýun aýyndaky webinarlaryň meýilnamasyna serediň).

Halkara hyzmatdaşlar