English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
Türkmenistan we Özbegistan sport ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar
07 Iýun, 2020 ý.

Bilelikdäki okuw seminarlaryny geçirmek, şeýle hem sport lukmançylygy we farmakologiýa hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly meseleler, Türkmenistan we Özbegistan Milli Olimpiýa Komitetleriniň Baş kätipleriniň we iki ýurduň ygtyýarly ilçileriniň gatnaşmagynda geçirilen wideo konferensiýasynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Onlaýn konferensiýasyna Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Ýazguly Mämmedow, Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Akmaljon Kuçkarow, Türkmenistan Milli Olimpiýa komitetiniň Baş kätibi Azat Myradow, Özbegistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Baş kätibi  Oýbek Kasymow we iki komitetiň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen tarapy Özbegistanda boks, dzýudo, agyr atletika we göreş boýunça sport görnüşleriniň has-da ösendigini nazara almak bilen, bu sport görnüşleri boýunça bilelikde okuw-türgenleşik sapaklaryny guramagyň maksadalýyk boljakdygyny belläp geçdi.

 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Türkmenistanyň medeni we sport durmuşynda möhüm waka bolandygy ýatlaýadýarys. Türkmen paýtagtynda geçirilen kontinental ýaryşlar dünýäde uly seslenme döretdi. Türkmenistan özüniň baý tejribesini ulanyp, 2025-nji ýylda Daşkentde geçiriljek Ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa oýunlaryny gurnamakda Özbegistana goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Halkara hyzmatdaşlar