English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
Dzýudo boýunça Halkara federasiýasy sentýabr aýynda oýunlara başlamagy meýilleşdirýär
09 Iýun, 2020 ý.

Halkara dzýudo federasiýasynyň (HDF) prezidenti, dünýä boýunça dzýudo ýaryşlarynyň täzeden başlanmagy barada ähli milli federasiýalara ýüzlenme hatyny ýollady. 

“Hormatly halkara dzýudo maşgalasy, ýurtlar COVID-19-yň ýaýramagy bilen göreşýän wagtynda saglyk ýagdaýyna we hökümetiň dürli görkezmelerine ýakyndan gözegçilik edýäris. Käbir ýurtlaryň serhetlerini açmak ýolundadygyna begenýäris we ýakyn wagtda beýleki sebitleriň hem dünýä derejesinde ýollarynyň açylmagyna täsir etjekdigine umyt edýärin.

Häzirki wagtda Halkara Dzýudo federasiýasy Guramaçylyk komitetleri bilen Bütindünýä dzýudo ýaryşynyň senelerini yza süýşürmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar. Geografiki elýeterlilige, deňlige laýyklykda, mümkin boldugyça togtadylan çäreleri geçirmegi meýilleşdirýäris we Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýanlaryň hemmesine adalatly mümkinçiligi döredýäris.

COVID-19 howpy aradan aýrylandan soňra, Dzýudo boýunça Dünýä çempionatyny täzeden adalatly  başlamak biziň baş maksadymyz bolup durýar. Häzirki wagtda HDF çempionaty sentýabr aýyndan başlamagy meýilleşdirýär, ýöne COVID-19 faktorlary biziň ygtyýarymyzda däl. Şol wagta çenli saglyk krizisi syýahat we iş şertlerimize täsir etmez diýip umyt edýäris. Ýakyn wagtlarda hemmäňiz bilen duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys we hemmäňiziň howpsuz we sagdyn bolmagyňyzy arzuw edýäris.”

Halkara hyzmatdaşlar