English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
Ýaýdan ok atmak boýunça Bütindünýä tomusky sammiti türgenleriň mentalitetine bagyşlanar
30 Maý, 2020 ý.

Ýaýdan ok atmak bioýunça Ilkinji Bütindünýä tomusky sammiti ýekşenbe güni (31-nji maý) geçiriler, bu ýerde ýaý atyjylaryň ýeňişe bolan çemeleşmesi we ýaryşda nädip üstünlik gazanyp boljakdygy ünsi özüne çeker.

Meýilnamanyň her bir bölegi  köpçülik üçin  açyk bolar we köpüsi YouTube-da elýeterli bolar.

Çärä deslapky hasaba alynmak hökman däl.

Ilkinji sagatlar üç gezek Olimpiýa çempiony we ýaý atmak boýunça sekiz gezek dünýä çempionatynda ýeňiji bolan Günorta Koreýaly ýaý atyjy Park Song Hyun bilen gyzykly söhbetdeşlik bolar.

Ondan soňra, ýaýdan ok atmagyň täsirleri barada sport psihologlary bilen özara pikir alyşmak boýunça tegelek stol geçiriler, soňra bolsa, Halkara synag gullugynyň ýaýdan ok atyjylaryň sportda doping hakda bilmeli zatlaryny  düşündirýän prezentasiýasy bolar.

Beýleki sessiýalarda tälimçi we psiholog Gaý Matskiniň alyp barýan çäreleri göni ýaýlymda beriler,  şeýle hem Gollandiýaly Maýk Şlesser ýaly halkara ýaý atyjylary bilen göni ýaýlymda sorag-jogap sessiýasy geçirler.

Türkiýeli tälimçi Goktug Erginiň, Germaniýaly Oliwer Haýdnyň, Gollandiýaly Emil Kusterleriň we ABŞ-ly Gaý Krugeriň çykyşlary bilen ol günki sammit tamamlanar.

Ýene-de üç sany sammit meýilleşdirilýär we 28-nji iýunda ýaryş sessiýasy geçiriler.

Eminleriň sammiti,  30-njy awgustda geçiriljek tälimçileriň sammitiniň öň ýanynda 26-njy iýulda geçiriler.

Koronawirus krizisi sebäpli, Bütindünýä ýaý atyjylyk guramasy ähli halkara çäreleri togtatdy we sammitleri geçirmeklik  ýaýdan ok atmak boýunça jemgyýetine öz alyp barýan işlerini hödürlemek boýunça başlangyçlaryň bir bölegine öwrüldi.

Halkara hyzmatdaşlar