English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
Eýran, Hindistan we Saud Arabystany 2027- Aziýa futbol kubogyny kabul etmek barada arza bilen ýüz tutdy
04 Maý, 2020 ý.

Eýran futbol federasiýasy 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa futbol kubogyny (AFK Aziýa kubogy) kabul etmek boýunça arza bilen ýüz tutdy

Eýran futbol federasiýasy şu gün resmi taýdan 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa futbol kubogyny almak hukugyna dalaşgär diýip görkezildi. Bu barada federasiýanyň wekili Amir Mahdi Alawi sişenbe güni Twitterde habar berdi.

Ondan öň hem, Eýran 2019-njy ýylda geçiriljek Aziýa futbol kubogyny geçirmek barada ýüz tutupdy, ýöne soňra bu arzadan ýüz dönderdi.

Şeýle hem, Hindistan 2027-nji ýylda AFK Aziýa kubogyny geçirmek üçin özüniň tender resminamalaryny tabşyrdy. Eger-de, Hindistan bu bäsleşikde ýeňiş gazansa, onda ol ilkinji gezek kontinental çäräni kabul eder.

“Biz eýýäm oýunlary geçirmeklige isleg bildirýändigimizi AFK (Aziýa Futbol Konfederasiýasyna) mälim etdik. “Bu indi talap edilýän zat"-diýip, Hindistan Futbol federasiýasynyň Baş kätibi Kuşal Das aýtdy.

AFK ýaňy-ýakynda COVID-19 pandemiýasy sebäpli, arza tabşyrmak möhletini 31-nji martdan 30-njy iýuna çenli üç aýlyk uzaltdy. “Aziýa Futbol Konfederasiýasy 2019-njy ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen oýunlarda 24 topara çenli giňeldilen dört ýyllyk sebitleýin çempionatyna taýýarlyk görmäge has köp wagt bermek üçin, ýaryşyň ýer eýelerini gysga wagtda yglan etmegi umyt edýär” – diýip AFK-da bellenilip geçildi.
Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň Oýunlary kabul etjek ýurduň geljek ýylyň başynda yglan etmegine garaşylýar. Eýrandan we Hindistandan başga-da üç gezek yklymyň çempiony diýen ada mynasyp bolan, ýöne oýunlary hiç haçan kabul etmedik Saud Arabystany Aziýa kubogy-2027-ni kabul etmek hukugy ugrunda göreşmek isleýändigini mälim etdi.
Ondan ozal, Hindistan Taýland, Indoneziýa we Günorta Koreýa bilen birlikde 2023 AFK Aziýa oýunlaryny kabul etmek ýaryşyna goşuldy, ýöne 2018-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda oýunlary geçirmekden ýüz öwürdi. Soňra Taýland we Günorta Koreýa hem oýunlary geçirmekden saklandy, şol sebäpli, Hytaý 2023-nji ýyldaky ýaryşy kabul edýän ýeke-täk ýurt boldy.

2023-nji ýylda aýallaryň arasynda futbol boýunça dünýä çempionatyny  geçirýän Günorta Koreýanyň, AFK Aziýa futbol kubogy 2027 ugrundaky bäsleşikde Hindistana goşulmagy-da ähtimal. 2017-nji ýylda ýaşlaryň arasynda futbol boýunça U-17 dünýä çempionatyny üstünlikli geçirenden soňra, Hindistan şu ýylyň noýabr aýynda gyzlaryň arasynda futbol boýunça U-17 dünýä çempionatyny geçirmelidi, emma COVID-19 pandemiýasy sebäpli oýunlar yza süýşürildi. Şeýle hem, Hindistan 2022-nji ýylda futbol boýunça aýallaryň arasynda Aziýa çempionatyny geçirmek hukugyna eýe boldy.

Halkara hyzmatdaşlar