English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VI Aziýa oýunlary 2021-nji ýylda Taýlandda geçiriler
03 Maý, 2020 ý.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VI Aziýa oýunlary 2021-nji ýylda Taýlandda geçiriler.

Aziýa Olimpiýa Geňeşi Oýunlary kabul edýän tarap bilen, 2021-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VI Aziýa oýunlaryny  geçirmek barada şertnama gol çekişdi . Gol çekişlik dabarasy 23-nji aprelde bolup, Bangkokdaky Taýland sport gullugy bilen Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Kuweýtdäki baş edarasynyň arasynda wideoaragtnaşyk arkaly geçirildi.

Bu bolsa,  2005-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça  Aziýa oýunlarynyň  ilkinji bolup geçirilen ýeri bolan Bangkoga gaýdyp gelýändigini aňladýar. Taýlandyň paýtagty, 2009-njy ýylda Söweş sungaty bouýunça Aziýa Oýunlaryny hem kabul etdi. 

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VI Aziýa oýunlary 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda iki şäherde - Bangkokda we Pattaýada geçiriler. Oýunlaryň takyk seneleri soňrak kesgitlener. Oýunlaryň maksatnamasy 24 sport görnüşini öz içine alar: ýapyk binada ýeňil atletika, bilýard, bouling, tans sporty, küşt, futzal, rolikli typmak / alpinizm, gysga aralyga ýüzmek (25 metr), Taý boksy, jujitsu, BMX-welosiped, halka takrau / sepak takrau, göreş, florbol, netbol, taekwondo, ýapyk binada hokkeý, karate, elektron sport, badminton (üç çäre), pençak-silat, çerliding, sambo, içerde küreklemek.

 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V  Aziýa oýunlary Türkmenistanyň medeni we sport durmuşynda möhüm waka boldy. Türkmen paýtagtynda geçirilen kontinental ýaryşlar dünýäde uly seslenme döretdi. Ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyran bu oýunlar, dünýäniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine, türkmen sportunyň dünýä derejesine çykarylmagyna we bu ugurda döredilen hyzmatdaşlygyň ösmegine täze itergi berdi. Biziň türgenlerimiz  Aziýada-2017 oýunlarynda uly ýeňişler bilen çykyş edip - 89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç - jemi 245 medal gazandylar.

Halkara hyzmatdaşlar