English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
2024-nji ýylda akrobatika gimnastikasy boýunça dünýä çempionatyny geçirmek üçin bir şäher bellendi
29 Aprel, 2020 ý.

Halkara gimnastika federasiýasy (FIG)  Ysraýylyň  Holon şäherini  2024-nji ýyldaky akrobatika gimnastikasy boýunça dünýä çempionatynyň guramaçysy hökmünde belledi. Elektron-poçtanyň üsti bilen ses bermek arkaly häzirki wagtda koronawirus pandemiýasy sebäpli mejlis geçirmek mümkinçiliginiň ýokdugy barada karara gelindi.

Ysraýyl ilkinji gezek akrobatik gimnastikasy boýunça dünýä çempionatyny kabul eder.

Bäsleşikler 2024-nji ýylyň maý aýynda Holonyň Toto Arenasynda geçiriler.

Ozal Holonda şol bir ýerde akrobatika gimnastika boýunça Ýewropa çempionaty 2019 we ritmiki gimnastika boýunça ýewropa çempionaty 2016 geçirilipdi.

 

Halkara hyzmatdaşlar