gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

Soňky habarlar
Türkmenistanyň we Latwiýanyň Hokkeý federasiýalarynyň arasynda Ylalaşyk baglaşyldy
15 Fewral, 2020 ý.

Türkmenistanyň we Latwiýanyň Hokkeý federasiýalarynyň arasynda özara hytmatdaşlyk boýunça Ylalaşyga gol çekildi. Resminama maglumat-metodiki kömek, hünärmenleriň alyş-çalşygy, çagalar we ýetginjekler hokkeýini ösdürmek, milli çempionatlary geçirmek boýunça maslahatlar, okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary ýaly ugurlary öz içine alýar.

Mundan ozal türkmen federasiýasynyň Russiýanyň we Belarusyň ugurdaş guramalary bilen hem şeýle Ylalaşyklary baglaşandygyny ýatladýarys.

Bu Ylalaşyklar öz miwesini hem berýär. Ýöne hokkeý babatyndaky türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygynyň bu Ylalaşykdan ozal hem hereket edip gelýändigini aýtmak gerek. Has takygy, latwiýaly tälimçiler Leonid Beresnew bilen Andreý Ignatowiç Türkmenistanda saparda bolup, «Galkan» hokkeý toparynyň türgenleşiklerine gatnaşyp, degerli maslahatlaryny beripdiler. Ýurdumyzyň alty gezek çempiony bolan topar bu hyzmatdaşlygyň netijesinde öz tejribesini has-da artdyrýar. Ýakynda gol çekilen Ylalaşyk bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has giňemegine ýardam eder.

Halkara hyzmatdaşlar