gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

Soňky habarlar
Nur-Sultanda Merkezi Aziýa oýunlary dikeldildi
14 Fewral, 2020 ý.

Ýakynda Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Milli Olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. 

Sebitleýin hyzmatdaşlygyň birnäçe meselesi ara alnyp maslahatlaşylan duşuşygyň esasy aýratynlygy Merkezi Aziýa oýunlarynyň gaýtadan dikeldilmegi boldy. Bu barada duşuşyga gatnaşyjy döwletleriň ― Gazagystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Milli Olimpiýa komitetleriniň arasynda ylalaşyga gelindi.

Aýdylyşy ýaly, gaýtadan dikeldilen Oýunlar indiki ýylda geçirilip başlanar. Bu Oýunlar diňe bir sporty ösdürmek babatynda bähbitli bolman, eýsem, sebitiň döwletara gatnaşyklarynda hem uly orna eýe bolar. Olimpiýa oýunlaryndan bir ýyl soňra geçiriljek Merkezi Aziýa oýunlary türgenleriň taýýarlyk derejesini hemişe gözegçilikde saklamaga we kämilleşdirmäge hem ýardam berer. Oýunlaryň maksatnamasyna sebitde ýörgünli bolan milli görnüşler hem giriziler.

Şeýle hem bu duşuşygyň barşynda, okuw-türgenleşik merkezlerinden hem bilelikde peýdalanmak baradaky çözgütler kabul edildi. Bu duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşan Tekbol boýunça halkara federasiýanyň sport direktory Mettýu Kerteýn sportuň bu täze görnüşini Merkezi Aziýada wagyz etmek we ýaýratmak baradaky başlangyçlary orta atdy.

Merkezi Aziýa oýunlary mundan ozal 1995 ― 2005-nji ýyllar aralygynda her iki ýyldan bir gezek geçirildi. Bu oýunlara Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we Halkara Olimpiýa Komiteti tarapyndan hem goldaw berilýär.

Halkara hyzmatdaşlar