English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
TOKIO 2020 Olimpiýa Oýunlarynyň öňýanynda sportuň dzýudo görnüşi boýunça okuw-maslahaty geçirildi
25 Ýanwar, 2020 ý.

Olimpiýa Raýdaşlygynyň “Tälimçiler üçin tehniki okuwlar” atly maksatnamasynyň çäginde, Türkmenistanyň tälimçileriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyñ Milli Olimpiýa komiteti, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Türkmenistanyň Dzýudo milli merkezi bilen bilelikde, Halkara Dzýudo federasiýasy tarapyndan bellenilen Gresiýaly halkara eksperti  Georgios Bountakisiň gatnaşmagynda sportuň dzýudo görnüşi boýunça okuw-maslahaty gurnaldy.

Okuw maslahatynyň nazaryýet sapaklary Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň binasynda geçirilýär, amaly sapaklar bolsa Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginde dowam etdirilýär.

Okuw maslahaty tamamlanandan soňra ähli gatnaşyjylara sertifikatlar gowşurylar.

Halkara bilermeniň gatnaşmagyndaky okuw maslahaty şu ýylyň 28-nji ýanwaryna çenli dowam eder.  

 

Halkara hyzmatdaşlar