gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

Soňky habarlar
Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň Tailanddaky garşydaşlary belli boldy
21 Ýanwar, 2020 ý.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatynyň bosagasynda «SAT International Futsal Championship 2020» atly halkara ýaryşa gatnaşar. Bu ýaryş 2 ― 8-nji fewral aralygynda Tailandyň Hatýaý şäherinde geçiriler.

Ýakynda türkmen futzalçylarynyň bu ýaryşda haýsy toparçada çykyş etjekdigi mälim boldy. «A» toparçada ýaryşjak ildeşlerimiziň ilkinji garşydaşy Malaýziýanyň ýygyndysy bolar. Bu ýygyndy bilen duşuşyk 3-nji fewralda geçiriler. Türkmen futzalçylary şol günüň ertirligi ýer eýeleri ― Tailandyň ýygyndysy bilen duşuşarlar.

Halkara ýaryşyň «B» toparçasyny bolsa Eýranyň, Täjigistanyň we Kuweýtiň ýygyndylary emele getirdi.

Düzgünnama görä, her toparçada öňdäki iki orny eýelän ýygyndy ýarym finala çykar. Ýarym finalyň ýeňijileri finalda, ýeňlen ýygyndylar bolsa üçünji orun ugrundaky oýunlarda duşuşarlar.

Tailanddaky halkara ýaryşdan soňra futzal boýunça milli ýygyndymyz Aşgabada dolanyp geler. Mälim bolşy ýaly, Aziýa çempionatynyň öňüsyrasynda Aşgabatda türgenleşmegi meýilleşdirilýän Saud Arabystanynyň ýygyndysy bilen iki sany ýoldaşlyk duşuşygy hem göz öňünde tutulýar.

Halkara hyzmatdaşlar