English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy «Futsal Week Winter Cup» halkara ýaryşynda San-Marinonyň ýygyndysyny uly hasap bilen ýeňdi
18 Dekabr, 2019 ý.

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Horwatiýada geçirilýän «Futsal Week Winter Cup» atly halkara ýaryşdaky ikinji duşuşygynda San-Marinonyň ýygyndysyny uly hasap bilen ýeňdi.

Horwatiýanyň Poreç şäherinde geçirilen duşuşyk türkmen futzalçylarynyň 6:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Futzalçylarymyzyň bu duşuşykdaky garşydaşy FIFA-nyň reýtinginde ahyrky ― 114-nji orny eýeleýär. Biziň ildeşlerimiziň bolsa 69-njy basgançakdadygyny ýatladýarys. Günüň beýleki bir duşuşygynda Bosnýa we Gersogowina Hytaýyň ýygyndysyny 3:1 hasabynda ýeňdi.

Milli ýygyndymyz halkara ýaryşdaky üçünji duşuşygyny 19-njy dekabrda Çernogoriýanyň ýygyndysy bilen geçirer.

Halkara hyzmatdaşlar