gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

Soňky habarlar
Türkmen agyr atletikaçylary Kataryň kubogy ugrundaky halkara ýaryşa gatnaşar
16 Dekabr, 2019 ý.

Türkmen agyr atletikaçylarynyň üçüsi Kataryň kubogy ugrundaky halkara ýaryşa gatnaşar. Ýaryş 19 ― 24-nji dekabr aralygynda Doha şäherinde geçiriler. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetine beren interwýusynda milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Artur Emirýan maglumat berdi.Altynjy gezek geçirilýän bu ýaryş Olimpiýa oýunlarynyň bir saýlama tapgyrydyr.

Halkara ýaryşa biziň ýurdumyzdan dünýäniň wise-çempiony Ýulduz Jumabaýewa (49 kilograma çenli), şeýle hem Seýitjan Mirzaýew (61 kilograma çenli) bilen Aýsoltan Toýçyýewa gatnaşar.

Halkara hyzmatdaşlar