gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

Soňky habarlar
2020-nji ýylda Aşgabat şäherinde Futzal boýunça Aziýa çempionaty geçiriler
09 Dekabr, 2019 ý.

2020-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Futzal boýunça Aziýa çempionaty geçiriler. Sebitleýin ýaryşy 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlary geçirilen Olimpiýa şaherjigi kabul eder. 

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem-de Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň 24-nji fewraly-10-njy marty aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda we Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda Futzal boýunça Aziýa çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi.

Halkara hyzmatdaşlar