gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

Soňky habarlar
Aşgabat 2020-nji ýylda Sambo boýunça Dünýä çempionatyny kabul eder
09 Dekabr, 2019 ý.

Türkmenistanda 2020-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Halkara Sambo federasiýasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi.  

Halkara Sambo Federasiýasynyň 2019-njy ýylyň 22-nji martynda Moskwa şäherinde geçirilen Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisinde 2020-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatyny Aşgabatda geçirmek barada  kabul edildi. 

Türkmenistanyň paýtagtynyň uly göwrümli we sambo boýunça ýaryşlary geçirmekde uly baý tejribesi bar. 2016-njy ýylda Aşgabatda sportuň bu görnüşi boýunça Aziýanyň çempionaty geçirildi, 2017-nji ýylda bolsa Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlary geçirilip, onda sambo boýunça hem bäsleşik geçirildi.

Halkara hyzmatdaşlar