gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

Soňky habarlar
Aşgabat 2021-nji ýylda Welotrek boýunça Dünýä çempionatyny kabul eder
09 Dekabr, 2019 ý.

Halkara Welosiped Birleşmesiniň ýolabşçysy Dawid Lappartýen 2021-nji ýylda Welotrek boýunça Dünýä çempionatynyň Aşgabatda geçiriljekdigi barada habar berdi.

Türkmenistanyň paýtagty-Aşgabat 2021-nji ýylda Welotrek boýunça  Dünýä çempionatyny kabul eder. Bu barada Bütindünýä welosiped güni mynasybetli 3-nji iýunda Aşgabatda geçirilen köpçülikleýin welosiped ýörişine gatnaşan Halkara  Welosiped Birleşmesiniň ýolbaşçysy Dawid Lappartýen habar berdi. UCI ýolbaşçysy welosiped ýörişiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy we Türkmen Lideriniň başlangyçlary esasynda Bütindünýä Welosiped gününi bellemek barada kararyň kabul edilendigini buýsanç bilen belläp geçdi. Şeýle hem, Hormatly Prezidentimize Halkara Welosiped Birleşmesiniň minnetdarlyk sertifikatyny gowşurdy.

- Dünýäde sporta gaty uly üns berýän prezidentleriň biri bolmakbilen, Döwlet ýolbaşçysynyň irginsiz tagallalary netijesinde,  Türkmenistanda welosiped sporty hem uly depginler bilen ösýär. Şol sebäpli, Halkara Welosiped Birleşmesi Welotrek boýunça  Dünýä Çempionatyny 2021-nji ýylda Aşgabatda geçirmek barada karar kabul etdi- diýip Lapartýen habar berdi.  

1-nji iýunda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde täze dünýä rekordynyň goýulandygyny ýatladýarys-ol bir hatar boyunça uzak dowam eden welosiped paradydyr. Ýagny, 2019-njy ýylda Welosipedçiler Olimpiýa şäherjiginde belli bir aralygy saklamak arkaly bir hatarda yzygiderlikde 3 300 m aralykda welosiped sürdüler. Bu üstünlik Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Halkara hyzmatdaşlar