gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

Soňky habarlar
TÜRKMENISTANYŇ SPORT WE ÝAŞLAR SYÝASATY MINISTRLIGINIŇ HEM-DE AZIÝANYŇ OT ÜSTÜNDE OÝNALÝAN HOKKEÝ FEDERASIÝASYNYŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYK BARADA MEMORANDUM
14 Noýabr, 2019 ý.

Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň binasynda, Aşgabatda açylan «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bilim we sport» atly halkara sergisiniň çäklerinde, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Aziýanyň Ot üstünde oýnalýan hokkeý federasiýasynyň (AHF) arasynda hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek barada Memoranduma gol çekmek dabarasy boldy. Resminama ministr Daýanç Gulgeldiýew bilen Aziýanyň Ot üstünde oýnalýan hokkeý federasiýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Muhammad Taýab Ikram gol çekdiler.

«Biz Türkmenistanda özümiz üçin täze bolan olimpiýa sport görnüşleriniň ýene birini ösdürmegi maksat edinýäris ― diýip, D. Gulgeldiýew Türkmenportalyň habarçysyna Memoranduma gol çekmek dabarasyndan soňra beren gürrüňinde aýtdy. ― Şu maksat bilen golaýda milli Ot üstünde oýnalýan hokkeý federasiýasy döredildi. Onuň döredilendigi baradaky resminama Adalat ministrliginde hasaba alynmaga taýýar ýagdaýda. Şeýle hem biziň sport mekdeplerimizde çagalar eýýämden ot üstünde oýnalýan hokkeý bilen meşgullanyp, özleri üçin täze bolan bu sport görnüşiniň inçe tilsimlerini uly höwes bilen öwrenýärler.

Ştab-kwartirasy Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) ýerleşýän Aziýanyň Ot üstünde oýnalýan hokkeý federasiýasy milli federasiýalaryň 30-syny öz içine alýar hem-de Aziýa ýurtlarynda Halkara ot üstünde oýnalýan hokkeý federasiýasyna (FIH) wekilçilik edýär.

Halkara hyzmatdaşlar