gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

Soňky habarlar
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy KHDR-nyň utulyşsyz tapgyrynyň soňuna çykdy: Türkmenistan ― KHDR ― 3:1
14 Noýabr, 2019 ý.

Aşgabatdaky «Köpetdag» stadionynda Türkmenistanyň we Koreýa Halk Demoktarik Respublikasynyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky futbol duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Dünýä çempionaty ― 2022-nji Aziiýa yklymy boýunça ikinji saýlama tapgyrynyň çäginde bolup geçdi.

11-nji minutda milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow eminden sary duýduryş kartyny aldy.

23-nji minutda Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Mihail Titow garşydaşyň derwezesine dürs pökgi geçirip, biziň ýygyndymyzy öňe çykardy. Hasap 1:0!!!

43-nji minutda şikes alan goragçy Mekan Saparowyň ornuna Zafar Babajanow oýna girdi.

46-njy minutda baş tälimçi Ante Mişe duşuşykda tapawutlanan Mihail Titowy oýundan alyp, onuň ornuna Myrat Ýagşyýewi meýdana goýberdi.

66-njy minutda myhmanlarda Sim Hyon-Jiniň ornuna Kum Çol-Kim oýna girdi.

73-nji minutda kapitanymyz Arslanmyrat Amanow milli ýygyndymyzyň şu duşuşykdaky ikinji pökgüsini geçirdi. Hasap 2:0!!!

76-njy minutda myhmanlarda Ýong-Jik Riniň ornuna Song-Jong Hýog oýna girdi.

82-nji minutda Serdar Geldiýew Altymyrat Annadurdyýewi çalyşdy.

88-nji minutda hüjümçi Wahyt Orazsähedow milli ýygyndymyzyň üçünji goluny geçirdi. Hasap 3:0!!!

90+3-nji minutda «Ýuwentusyň» hüjümçisi Han Kwang Son bir jogap pökgüsini geçirdi. Hasap ― 3:1.

Duşuşyk tamamlandy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň futbol ýygyndysy taryhda ilkinji gezek Koreýa halk demokratik Respublikasynyň ýygyndysyndan üstün çykdy: hasap 3:1.

Bu duşuşykdan soňra türkmen futbolçylary Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyryndaky utugyny 6-a çykaryp, üçünji orundaky Liwan bilen deňleşdiler.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň başlangyç düzümi: Mämmet Orazmuhammedow (derwezewan), Mekan Saparow (Zafar Babajanow, 42), Wezirgeldi Ylýasow, Abdy Bäşimow, Serdar Annaorazow, Arslanmyrat Amanow (kapitan), Amir Gurbany, Resul Hojaýew, Wahyt Orazsähedow, Mihail Titow (Myrat Ýagşyýew, 46), Altymyrat Annadurdyýew (Serdar Geldiýew, 82).

Halkara hyzmatdaşlar