gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

Soňky habarlar
Türkmen dzýudoçylarynyň ikisi Osakada geçiriljek «Uly tuwulga» ýaryşyna gatnaşar
16 Noýabr, 2019 ý.

Şu ýylyň 22 ― 24-nji noýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde dzýodo boýunça «Osaka Grand Slam 2019» halkara ýaryşy geçiriler. Oňa türkmen türgenleriniň hem wekilçilik etjekdigini Dzýudo boýunça halkara federasiýasynyň resmi saýtyna salgylanyp habar berýäris.

Ýaponiýada geçiriljek halkara ýaryşda biziň ýurdumyza Hakberdi Jumaýew (60 kilograma çenli agram derejesinde) bilen Gülbadam Babamyradowa (52 kilograma çenli agram derejesinde) wekiçilik eder.

Ýeri gelende aýtsak, bu halkara ýaryşa dünýäniň 94 döwletinden 535 türgen gatnaşar.

Halkara hyzmatdaşlar