gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

Soňky habarlar
HALKARA DEREJELI TÄLIMÇI
10 Iýun, 2019 ý.

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti Halkara Olimpiýa komitetiniň Olimpiýa Raýdaşlygy bilen bilelikde, ýurdumyzyda sportuň dzýudo görnüşi boýunça tälimçileri taýýarlamak üçin, Wengriýa döwletiniň Budapeşt şäherinde ýerleşýän Bedenterbiýe Uniwersiteti bilen degişli işler amala aşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylyň 18-nji marty 07-nji iýuny aralygynda Halkara derejeli dzýudo sport görnüşiniň tälimçileri boýunça geçirilen okuwyna Türkmenistanyň Dzýudo Milli Merkeziniň tälimçisi Raşid Tursunow gatnaşdy. Biziň tälimçimiz bu agzalan okuwlary üstünlikli tamamlap halkara derejeli tälimçi diýen ada eýe boldy.

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti gelejekde hem Halkara Olimpiýa Komitetiniň Olimpiýa Raýdaşlygy guramasy bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirip, ýurdumyzda ýokary derejeli milli tälimçileri taýýarlamakda degişli işleri alyp barar.

Bu tälimçiler hem öz gezeginde ýurdumyzda sporty hem-de Olimpiýa hereketini ösdürmekde, şeýle-hem ýaş türgenleri taýýalap ýetişdirmekde öz goşantlary goşarlar. 

Halkara hyzmatdaşlar