gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

Soňky habarlar
Aşgabatda Boks boýunça Türkmenistanyň çempionaty -2019 başlady
08 Maý, 2019 ý.

Aşgabatda başlanan Boks boýunça Türkmenistanyň çempionatyna paýtagtymyzdan we ähli welaýatlardan 58 sany türgenler gatnaşdy. Bu ýaryş Türkmenistanyň Boks federasiýasy, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty minsitrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan gurnaldy. Ýaryş täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan we sebitde deňi-taýy bolmadyk ýokary derejeli ýaryşlary kabul edip bilýän Olimpiýa şäherjiginde geçirilýär.  

Ýaryşyň birinji gününde 4 agram derejesinde bäsleşik geçirildi. Ýaryşy 56 kg pes derejede Balkan welaýatyndan Ýakup Meredow we Aşgabatly Mansur Salimow açdy. Duşuşykda Ýakup Meredow ýeňiji boldy.

Şu agram derejedäki beýleki bäsleşikde Aşgabatly Lukman Döwletgeldiýew Balkanly Resul Arazgeldiýewden üstün çykdy.

60kg agram derejesindäki birinji bäsleşikde aşgabatlylar duşuşdylar, ýaryşyň netijesinde Şöhrat Jumaýew Atajan Rahmanowy ýeňdi. Şu agram derejesinde Arslan Şamuradow (Aşgabat) Gaýrat Saparowdan (Lebap wlaýaty) üstün çykdy, Aşgabatly Begmyrat Halmyradow bolsa has çekeleşikli geçen bäsleşikde paýtagtly Orazmyrat Karabekowy ýeňmegi başardy.

69 kg agramda paýtagtly türgenleriň arasynda geçen bäsleşikde Şöhrat Durdyýew Bahadur Myradowdan üstün çykdy.

75 kg çenli agramda çykyş eden Maksat Geldinazarow (Aşgabat) Mary welaýatyndan gatnaşan türgen Kerim Jumagulyýewi ýeňmegi başardy. Ihtiýar Maşaripow (Daşoguz) Ýazmuahmmet Orazowy (Aşgabat) ýeňdi. Ahal welaýatyndan gatnaşan wekil Arslan Çaryýew Daşoguzly Ustabek Samandarow bilen bäsleşmekden boýun gaçyrdy.
Boks boýunça Türkmenistanyň Çempionaty 11-nji maýda tamamlanar. Ýaryşyň netijesi boýunça Halkara ýaryşlaryna gatnaşjak milli ýygyndy toparyň düzümi tassyklanar.

 

Halkara hyzmatdaşlar