gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

Soňky habarlar
Aýsoltan Toýçiýewa- Agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatynda kümüş medalyny gazandy
29 Aprel, 2019 ý.

Bu ýaryşa 81 kg agram derejesinde 22 ýaşly Türkmenistanly wekilimiz, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Aýsoltan Toýçiýewa gatnaşdy.

Birden götermek derejesinde biziň watandaşymyz 114 kg agramy galdyryp kümüş medalyny gazandy. Iki görnüşiň jemi boýunça (204 kg) türkmen türgeniniň 4-nji ýeri eýeländigi barada Weightlifting House saýty habar berýär.

Iki görnüşiň jemi boýunça gazagystanly Rauşan Meşithanowa (205 kg) üçünji ýeri eýeledi, ikinji ýeri- (206 kg) Mongoliýadan Munhžansan Anhsesen eýeledi, birinji ýere-(220 kg) Koreýa Respublikasyndan Kan Ýun Hi mynasyp boldy.

 

Halkara hyzmatdaşlar