English Русский
  • Orny we maksady

    Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa hereketiň ýokary edarasy bolup durýar.

Olimpiýa maşgalalaryň, Milli Olimpiýa komitetleriň (MOK), Halkara sport federasiýalaryň (IF), türgenleriň, Olimpiýa oýunlaryň Guramaçylyk komitetleriniň (OOGK), TOP hyzmatdaşlarynyň, habar beriş hyzmatdaşlaryň we Birleşen Milletler Guramasynyň edaralarynyň ähli gatnaşyjylarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýardam beriji bolmak bilen Halkara Olimpiýa komitet (HOK) giň gerimleriň maksatnamalaryň we taslamalaryň kömegi bilen şowlulygy gazanýar. Onuň netijesinde, ol Olimpiýa oýunlaryň yzygiderli dabaralanmasyny üpjün edýär, Olimpiýa hereketiň ähli agzalyk guramaçylyklaryny goldaýar we degişli görnüşde olimpiki gymmatlyklary öňe sürmegi nygtaýar.

Olimpiýa hartiýa laýyklykda HOK orny indikide jemlenýär:

  • Sportda etika, şeýle-de ýaşlaryň bilimine ýol bermek we goldamak hem-de sportda çyn oýnuň ruhynyň bolmaklygyny we zorlugyň aýrylmagyny üpjün etmek boýunça öz güýçlerini siňdirmek;
  • Guramany, sport we sport bäsleşikleriň ösüşini we koordinasiýasyny öňe sürmek we goldamak;
  • Olimpiýa oýunlaryň yzygiderli dabaralanmasyny üpjün etmek;
  • Sporty adamzat üçin gulluk etmeginde ýokary döwlet ýa-da hususy guramalar we hökümetler bilen hyzmatdaşlyk etmek we şonuň bilen parahatçylygy goldamak;
  • Olimpiýa hereketiň ýeke-täkligini berkitmek we garaşsyzlygyny goramak üçin çäreleri kabul etmek;
  • Olimpiýa herekete degýän diskriminirlemäniň dürli görnüşine garşy hereket etmek;
  • Erkekleriň we aýallaryň deňlik ýörelgesini amala aşyrmak maksady bilen sportuň ähli derejelerinde we gurluşlarynda aýallary goldamak;
  • Sportda dopinge garşy göreşmek;
  • Türgenleriň saglygyny goramak boýunça çäreleri öňe sürmek we goldamak;
  • Sportuň we türgenleriň syýasatda ýa-da söwdada hyýanatçylykly ulanylmagyna garşy durmak;       
  • Sportuň hemmeler üçin ösüşini öňe sürmek we goldamak;
  • Tebigy meseleler barada jogapkär aladany öňe sürmek we goldamak, sportdaky durnukly ösüşe ýardam bermek we degişli Olimpiki oýunlaryň geçirilmegini talap etmek;
  • Olimpiýa oýunlaryň şowhunly mirasyny kabul ediji şäherlerde we kabul ediji döwletlerde öňe sürmek;
  • Sportuň medeniýet we bilim bilen utgaşdyrýan inisiatiwleri öňe sürmek we goldamak;
  • Özüni Olimpiýa bilime bagyşlaýan Halkara Olimpiýa akademiýasynyň (HOA) we beýleki edaralaryň işini öňe sürmek we goldamak.

Halkara hyzmatdaşlar